“Toyota”, “Mazda” we “Subaru” birleşip, hereketlendirijileriň täze neslini öndürerler

Ýaponiýanyň  awtomobil senagatynyň “Toyota”, “Mazda” we “Subaru” ýaly ägirtleri hereketlendirijileriň ozal bolmadyk täze neslini öndürmek babatynda şertnama baglaşdylar. Hyzmatdaşlygyň maksady dürli ýangyç görnüşlerine, şol sanda ugleroda hem bitarap hereketlendirijilere laýyk gelýän ähliumumy içerki ýangyç hereketlendirijilerini döretmekden ybarat.

Taraplaryň her haýsy öz hereketlendirisi boýunça iş alyp barar. Ýöne bu hyzmatdaşlygyň çäginde umumy talaplar göz öňünde tutýarlar. Hyzmatdaşlykda «Toyotanyň» maksady içerki dört hereketlendirijini döretmek bolsa, «Mazda» aýlanýan hereketlendirijiniň üstünde işlär, «Subaru» bolsa enjam jemelesi boýunça iş alyp barar.

Suwuk wodorodda, biologiki ýa-da sintetiki ýangyçda işleýän ykjam hereketlendirijileriň önümçiligine aýratyn üns berler.

Içerki ýangyç hereketlendirijisinden başga-da, hyzmatdaşlar elektrik hereketlendirijilerini we batareýalaryny goşmak bilen elektrik ulgamlaryny bilelikde ösdürerler.

Hyzmatdaşlyga garamazdan, üç kompaniýa-da bazarda biri-biri bilen bäsdeşlik eder diýip, «motor.ru» ýazýar.