«Ferrari» özüniň elektrikli awtoulag öndürjek täze zawodyny görkezdi

«Ferrari» kompaniýasy elektrik ulaglaryny öndürmäge niýetlenilen täze ýokary tehnologiýaly zawodyny görkezdi diýip, «auto.ru» ýazýar.

Maranelloda ýerleşýän 40 müň inedördül metrden gowrak meýdany eýeleýän zawod kompaniýanyň täze önümleriniň öndüriljek esasy merkezi bolar.

Täze zawodyň aýratynlygy daşky gurşawa zyýan bermeýänligindedir. Munuň üçin üçege oturdylan 3000-den gowrak Gün paneli arkaly energiýa öndüriler we kompaniýa 1,3 megawatta çenli elektrik energiýasy bilen üpjün ediler.

Bu ýerde suwy gaýtadan ulanmak maksady bilen ýagyş suwy peýdalanylar. Munuň özi önümçiliginiň suw çeşmelerine edýän täsirini ep-esli azaldar.

Şeýle hem zawod hereketlendirijiler we batareýalar ýaly öz elektron böleklerini öndürjek önümhanalar bilen hem üpjün edilen.

«Ferrari»-niň 2025-nji ýylda öndürilmegine garaşylýan ilkinji elektrik awtoulagy markanyň iň ýokary standartlaryny özünde jemlär. Elektrik ulaglarynyň köpçülikleýin önümçiligi 2026-njy ýylda meýilleşdirilýär.