Nissan, Honda we Mitsubishi täze alýans dörederler

Ýaponiýanyň üç sany iň iri awtoulag öndürijisi - Nissan, Honda we Mitsubishi - güýçlerini birleşdirmäge taýýarlanýar. Täze alýans, deslapky bahalandyrmalara görä, ýylda 8 milliondan gowrak awtoulagyň satuw möçberi bilen dünýäde ikinji uly alýans bolar diýip, auto.ru habar berýär.

Birleşmegiň maksady Tesla we hytaý awtoulag öndürijileriniň tarapyndan artýan bäsdeşlige garşy durmakdyr. Hyzmatdaşlar elektromobilleri, akylly tehnologiýalary bilelikde işläp düzmegi we programma üpjünçiligini standartlaşdyrmagy meýilleşdirýärler.

Bu çözgüt Renault-Nissan-Mitsubishi alýansynyň gaýtadan gurlmagynyn we ýapon kompaniýalarynyň ABŞ we Hytaý ýaly esasy bazarlarda öz pozisiýalaryny pugtalandyrmaga bolan ymtylyşynyň netijesi boldy.