Toyota kynçylyklara garamazdan, ulaglar bazarynda öňdeligi saklamagy başardy

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda satuwlaryň pese düşmegine we birnäçe düşünşmezliklere garamazdan, Toyota Motor konserni dünýäniň iň uly awtomobil öndürijisi adyny saklamagy başardy diýip, auto.ru habar berýär.

Bu ýapon gigantynyň dünýä awtobazarynda liderlik edýän bäşinji ýyly boldy. Kyodo-nyň maglumatlaryna görä, Toyota 5,16 million awtomobil satdy, bu bolsa onuň iň ýakyn bäsdeşlerinden öňde bolmagyna ýardam etdi. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa önümçiligiň 9,8% azalmagy we içerki bazarda satuwlaryň 32% düşmegi ýaly möhüm kynçylyklara duçar boldy.

Ikinji orun Volkswagen-e galdi, onuň satuwlary hem peseldi.

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Volkswagen-iň satuwlary 4,35 million awtomobil boldy, bu geçen ýylyň görkezijisinden biraz az. Iň uly awtomobil öndürijileriň sanawynda üçünji orun häzirlikçe açyk. Deslapky bahalandyrmalara görä, bu orun üçin General Motors we Stellantis ýaly gigantlar bäsleşip bilerler.