Ýewropa bazarlarynda hytaý ulaglary öňbaşçylyk edýär

Hytaýyň awtoulag öndüriji kompaniýalary Ýewropanyň elektrikli ulag bazaryndaky ornuny has giňeldýär. «Auto.ru»-nyň ýazýan habaryna görä, iýun aýynda Hytaýyň elektrikli awtoulaglarynyň satuwy rekord derejä ― 23 müň birlige ýetip, umumy bazaryň 11 göteriminden gowragyny eýeledi.

Bu üstünligiň esasy sebäbi Hytaýdan import edilýän harytlar üçin salgytlaryň ozal ýeterli bolmagydyr. Häzir bolsa bu salgytlar ýokarlandyryldy. Bu artdyrylyşdan ozal öndürijiler ep-esli arzanladyş hödürlediler.

Satylan elektrik awtoulaglarynyň köpüsi «MG» markaly awtoulaglardyr. Has takygy, geçen döwürde şu markanyň ulaglarynyň 13,5 müňüsi satyldy. BYD Ýewro 2024-e hemaýatkärlik edeninden soň 4 müňe golaý elektrik awtoulagyny satmagy başardy.

Ýewropa Bileleşiginiň Hytaýdan awtoulag importy boýunça täze gümrük paçlary 5-nji iýulda güýje girdi. Şeýle-de bolsa, bu nyrhlar wagtlaýyn. Taraplar häzirki wagtda noýabr aýynda güýje girjek we ýakyn bäş ýyl dowam etjek uzak möhletleýin import düzgünleşdiriş mehanizmi barada gepleşik geçirýärler.