"Türkmenawtoulaglar" agentligi ýylyň birinji ýarymynda ýük daşamakda ýokary netijeleri gazandy

"Türkmenawtoulaglar" agentligi şu ýylyň birinji ýarymynda netijeli işleri amala aşyrdy. Bu bolsa agentligiň Türkmenistanyň sazlaşykly ösüşine mynasyp goşant goşýandygyny görkezýär.

Şeýlelikde, ýylyň birinji ýarymynda agentlige degişli edaralar tarapyndan 8 million 210 müň 700 tonna ýük daşaldy we umumy meýilnama 101,7% ýerine ýetirildi. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu görkeziji 239 müň 900 tonna artyk ýük daşalandygyny we ösüşiň 103% bolandygyny aňladýar. Geçen ýylyň şol döwründe 7 million 970 müň 800 tonna ýük daşalypdy.

Ýük dolanyşygy 220 million 27 müň tonna/kilometr boldy we bu ugurda meýilnama 105,6% ýerine ýetirildi. Bu netije geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6 million 322 müň tonna/kilometr artykdyr.

Şeýlelikde, diňe şunuň hasabyna ösüş 103% boldy. Geçen ýylyň şol döwründe bu görkeziji 213 million 705 müň tonna/kilometr bolupdy.