Hytaý kompaniýasy Türkiýäniň elektrikli ulag bazaryna maýa goýýar

Lityum önümleri boýunça dünýäde öňdebaryjy «Ganfeng Lityum Company» Türkiýede elektrikli ulaglar üçin akkumulýator öndürýän iri zawody gurmak baradaky meýilnamasyny yglan etdi. Türkiýäniň «Yigit Aku» kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän taslama 500 million dollar möçberindäki maýa goýumyny we umumy kuwwaty 5 GWt bolan batareýalaryň ýyllyk önümçiligini öz içine alýar diýip, «auto.ru» habar berýär.

Bu şertnama, soňky ýyllarda üç sany täze elektrik ulagy markasyny ― TOGG, «Very» we «Amperino» atly türk awtoulag bazaryny ösdürmekde möhüm ädim boldy.

«Ganfeng» bilen hyzmatdaşlyk Türkiýä diňe bir öz batareýalary bilen üpjün etmän, eýsem elektrik ulaglary öndürýän sebit merkezine öwrülmäge mümkinçilik berer.