Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa we ýurduň ähli doganlyk halkyna Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

“Gyrgyz Respublikasy Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet gurluşyny berkitmekde, durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmekde we halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda möhüm üstünlikleri gazandy” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda belledi.

Türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan däp bolan doganlyk gatnaşyklaryň häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtap, türkmen-gyrgyz döwletara gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde geljekde-de iki doganlyk halkyň bähbidine berkidiljekdigine ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Gyrgyz Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi.