Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Milli güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime, XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandara we ýurduň ähli halkyna Malaýziýanyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

“Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris” diýip, türkmen döwletiniň Baştutany hatynda belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu gatnaşyklaryň iki döwletiň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Anwar Ibrahime we XVII Ýokary Baştutan Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandara tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Malaýziýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.