«Nissan Qashqai» ekstremal tilsimleri bilen haýran galdyrýar

Adaty bolmadyk mahabat çäresinde «Nissan» awtoulag önümçilik kompaniýasynyň Ýewropadaky bölümi resmi taýdan Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun alan özboluşly rekordy goýmagy başardy. Has takygy, kompaniýanyň  «Qashqai» kysymly krossower awtoulagynda kaskadýor sürüji 65 metr beýikden ýüpli böküşi amala aşyryp, «iň ýokary beýiklikden amala aşyrylan awtoulag banji-jampingi» ugry boýunça rekorda eýe boldy. Bu barada auto.ru web saýty habar berýär.

Bu örän çylşyrymly tilsimi ýerine ýetirmek üçin göwrümli, ýörite niýetlenen içi boş metal gurnama işlenip taýýarlanyldy. Ol içinde awtoulagyň keseligine ýerleşdirilen görnüşde ýokary galdyrylyp, soňra bolsa gurnamadan aşaklygyna goýberilmegine ýardam edýär. «Qashqai» awtoulagy kuwwatly ýük göterijiligi bolan gurluşyk krany bilen ýokary galdyryldy, böküş bolsa ulagda oturan sürüji Loran Laskonyň yşaratyndan soň amala aşyryldy.

Ekstremal çäre Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçirildi. Bu surata düşürilen ýazgy indi «Nissan Qashqai» ulagynyň mahabat wideoroliginiň esasyny düzer.

Belläp geçsek, bu «Qashqai» modeliniň adaty bolmadyk görkeziliş çäreleriniň ilkinjisi däldir. Ozal hem bu awtoulagda ullakan skeýt tagtasynda typýan we peýntbol oýnuna gatnaşýan awtoulag hökmünde özboluşly tilsimler ýerine ýetirildi.