«Hongqi» iki sany täze önüm hödürlär: gibrid krossower we täzelenen sedan

Hytaýyň awtoulag öndürijisi «Hongqi» 21-nji sentýabrda köpçüligi iki sany täze ulagy bilen tanyşdyrar. Awtoulag senagatynyň muşdaklary «HS3» krossoweriniň gibrid görnüşiniň we täzelenen «H5» sedanynyň tanyşdyryş dabarasyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar diýip, «Autohome» habar berýär.

«Hongqi HS3 PHEV» gibrid krossowerler ugrunda hakyky üstünlik boljakdygyny wada berýär. Awtoulag 169 at güýji kuwwaty bolan 1,5 litrlik benzinli turbomotory we elektrik hereketlendirijisini özünde jemleýän gibrid hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle utgaşma 1100 kilometrlik täsirli hereket ätiýaçlygyny üpjün edýär, galyberse-de, krossower arassa elektrik güýji bilen 115 kilometre çenli ýol geçip bilýär.

«Hongqi H5» sedanynyň hereketlendirijisiniň üç sany görnüşi bolar: 169 at güýji kuwwaty bolan 1,5 litrlik benzinli turbomotor, 224 at güýji kuwwaty bolan has güýçli iki litrlik motor we 1,5 litrlik hereketlendirijä esaslanýan gibrid görnüşi.