Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy

Şu gün Aşgabatda ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Bu barada TDH ýazýar.

Köpugurly gözden geçiriliş “Garagum” myhmanhanasynyň arkasyndaky sergi meýdançasynda ýaýbaňlandyryldy. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Arkadag we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de işewür toparlaryň wekilleri gatnaşdylar.

Sergi meýdançasynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri, döwlet maksatnamalarynyň we innowasion taslamalaryň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan çäreleri giňişleýin şöhlelendirýän pudaklaýyn diwarlyklar ýerleşdirilipdir.

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi 21-nji sentýabra çenli öz işini dowam etdirer.