771 sany «Lamborghini Urus» hereket edip barýarka kapotynyň açylmak töwekgelçiligi sebäpli Hytaýda yzyna çagyrylýar

«Volkswageniň» Hytaýdaky bölümi bölümi 771 sany «Lamborghini Urus» krossoweriniň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. «Awto.ru» habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, munuň sebäbi ýokary tizlikde sürlüp barýarka kapotyň birden açylmagydyr.

Yza çagyryş 2022-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan 2024-nji ýylyň 2-nji fewraly aralygynda öndürilen ulaglara degişlidir. Mesele kapot berkidişindäki kemçilikdir. Bu kemçilik ulagyň tizligi sagat 150 kilometrden geçenden soň ýüze çykýar. Howanyň garşy akymy kapotyň, penjireleriň we bamperiň arasyndaky boşluga girip, aýratyn ýagdaýlarda gulpuň döwülmegine we kapotyň doly açylmagyna sebäp bolup biler.

«Lamborghini» satyjylaryna yzyna çagyryljak ähli awtoulaglarda kapot berkidişlerini barlamak tabşyrylýar. Zerur bolsa kapot güýçlendiriler we çalşyrylar. Bu çalşyryş amala aşyrylýança, şu kysymly ulaglaryň eýelerinden tizligi sagat 150 kilometrden geçirmezlik maslahat berilýär.

Hytaýda bu tizligiň köpçülikleýin ýollarda gadagan edilendigini bellemelidiris. Diňe ýaryş ýolunda sagatda 150 km tizlige geçip bilersiňiz.