Ahal we Lebap welaýatlarynyň gallaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler

Türkmenistanda Ahal hem-de Lebap welaýatlarynyň gallaçylary hem zähmet ýeňşini gazandylar. Olar Watan harmanyna, degişlilikde, 400 müň we 310 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy, oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak, beýleki çykdajylary maliýeleşdirmek üçin daýhan birleşiklerine, kärendeçilere, telekeçilere berilýän ýeňillikli karzlar ekerançylaryň zähmet öndürijiligini artdyrýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, 8-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylarynyň ýurtda ilkinjiler bolup, döwlete bugdaý tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habar aýdyldy. Şeýle-de şol iş maslahatynda ýurduň gallaçy daýhanlary tarapyndan Watan harmanyna jemi 1 million 200 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň tabşyrylandygy, häzirki wagtda orak möwsüminiň dowam edýändigi barada aýdyldy.