4 арrelde Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň Prezidenti Ram Nath Kowind bilen 2-nji aprelde ýokary derejede geçirilen duşuşygynda Çabahar porty bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça göni gepleşikleri guramagy teklip etdi diýip, «TDH» Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
28-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň Demir ýol korporasiýasynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyk 2022-nji ýylyň 28-nji martynda öz işine başlady we 1-nji aprele çenli dowam eder.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Andres Manuel Lopes Obradora we ýurduň ähli halkyna ikitaralaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi «TDH» habar berýär.