Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti şu aýdan başlap, «Balkan» ýük gämisini Türkmenbaşy — Baku — Türkmenbaşy ugry boýunça ýük konteýnerlerini daşamak üçin ulanar.
Russiýanyň döwlet demirýollary (RŽD) AGPJ-niň golçur kompaniýasy bolan «RŽD Logistika» Demirgazyk ― Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Karelia Respublikasyndan Hindistana kagyz önümleri bilen doldurylan konteýner otlusyny ugratdy.
Nyşanynda Türkmeniň ak öýi binasy ýerleşdirilen we «Ilat ýazuwy ― Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek» diýlen şygary ýörelge edinen Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy üstünlikli tamamlandy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy 26-njy dekabrdan 114-nji belgili täze gatnaw ugrunyň açylandygyny habar berýär.
Ýurdumyzda Aşgabat, Mary, Türkmenabat, Daşoguz, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde şäheriçi, şeýle-de Aşgabat şäherinden Gökdepe we Änew şäherlerine şäherýaka ugurlar boýunça hereket edýän jemgyýetçilik awtobuslary 2022-nji ýylyň 31-nji dekabry sagat 06:00-dan 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary sagat 02:00-a çenli gatnawy amala aşyrarlar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji dekabrda Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze gurulýan şäheriň gurluşyk we binagärlik aýratynlyklary bilen tanyş boldy.
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygynyň orunbasary G.Çaryýew 21-nji dekabrda geçirilen Hökümetiň göçme mejlisinde döwlet Baştutanyna Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde ekologik taýdan arassa elektroulaglary ulanmak we olary ýurdumyza getirmek baradaky tabşyrygyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.