«Volkswagen» elektrik awtoulaglaryna oýun platformasyny ornaşdyrar

«Volkswagen» elektrik ulaglarynyň eýeleri üçin güýmenje pudagynda täze ädim ädýär. «AirConsole» bilen hyzmatdaşlykda kompaniýa sentýabr aýynda «Passat», «Tiguan», «Golf» we «Golf Estate» ýaly meşhur modeller üçin elýeterli bolan oýun platformasyny açmagy meýilleşdirýär diýip, «Techcult.ru» habar berýär.

Oýun ulgamyna birikmek örän ýönekeý: ulagyň eýeleri «VW Active» maglumat merkezine diňe «AirConsole» programmasyny göçürip almaly we smartfonlary bilen sinhronlamak üçin QR koduny skanirlemeli. Oýun funksiýasynyň diňe awtoulag zarýad alýarka, sürüp barýarka howpsuzlygy üpjün edip boljakdygyny bellemelidiris.

«Volkswagen» bu ugurda öňdebaryjy däl. BMW eýýäm bir ýyl öň awtoulaglaryna «AirConsole»-i birleşdiripdi. «Tesla» bolsa meşhur oýun platformasy «Steam»-e bireýýäm birikdirdi.