Türkmenistanyň Prezidenti 7 aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 30-njy awgustda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meselelere garaldy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutany ýurduň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň makroykdysady görkezijileri, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, ýurduň daşary syýasaty, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, ýurduň daşary syýasaty bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasyny gurmak hakynda Karara gol çekdi we resminamany wise-premýer B.Amanowa sanly ulgam arkaly iberip, onuň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenmek bilen, sentýabr aýynda köp sanly çäreleriň geçiriljekdigine ünsi çekdi we olara jogapkärçilikli çemeleşip, çäreleri ýokary derejede guramak üçin degişli işleri ýerine ýetirmegiň wajypdygyny belledi.

«1-nji sentýabrda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden belleniler, döwrebap okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň birnäçesi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berler. Ýaş nesillerimizi mynasyp terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek döwletimiziň alyp barýan bilim syýasatynyň baş maksady bolup durýar» diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti geljekde-de bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini belläp, mejlise gatnaşyjylary, ähli bilim işgärlerini, bagtyýar ýaşlary Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen gutlady.