Deňizderýa ýollarynyň mekdebinde uçurym dabarasy geçirildi

Uçurymlaryň ýene bir topary «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki orta hünär okuw mekdebini tamamladylar. Olaryň gutardyş dabarasy Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeniýet we sport toplumynda geçirildi.

Dabarada mekdep müdiri Azat Şanazarow we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň başlygy Umyt Baýhanow uçurymlary gutlap, olara durmuşda üstünlik arzuw etdiler.

Resmi bölümden soň uçurymlary okuwda we jemgyýetçilik durmuşynda işjeňligi üçin sylaglamak dabarasy geçirildi. Uçurymlaryň köpüsine hormat hatlar we ýatdan çykmajak sowgatlar gowşuryldy.

Bu ýerdäki bilimiň möhleti iki ýarym ýyldyr. Şunça wagtyň dowamynda ýaşlar nawigasiýa, deňiz we derýa ýollarynyň ulaglaryny dolandyryş ugurlary boýunça hünär edinýärlerler.

Has takygy, bu ýerde nawigatorlar, gämi gurujylar, bejerijiler, mehanikler, inženerler, elektrikler, tehnologlar, kompýuteriň operatorlary, ykdysadyýetçiler we beýleki ugurlaryň wekilleri taýýarlanylýar.