Lebap welaýatynda täze taksileriň 85-si işe girişdi

«Lebapawtoulag» önümçilik birleşigine täze taksi ulaglarynyň 85-si gelip gowuşdy. Olar Türkmenabat şäherinde we onuň ýakalarynda hyzmat eder.

Gelen ulaglaryň 45-si dünýä belli ýapon öndürijisiniň «Toyota Corolla» kysymly, 40-sy bolsa Koreýa Respublikasynyň kompaniýasynyň «Hyundai Elantra» kysymly maşynlarydyr. Olar ýokary amatlylyklary we tygşytlylygy bilen tapawutlanýarlar we şäher şertlerinde ýolagçylar hyzmat etmek üçin oňaýly hasaplanylýarlar. Önümçilik birleşiginiň taksileriň üstüniň ýetirilmegi gatnadylýan ýolagçylarynyň sanyny artdyrar, şäheriň we onuň ýakynyndaky ilatly ýerleriň ýaşaýjylary bolsa barmaly ýerine barmak üçin täze mümkinçilikleri alarlar.

Ähli ulaglaryň işine geçen ýyl ulanylmaga tabşyrylan halkara awtomenzilde badalga berildi. Däbe görä, il sylagly ýaşulular we kümüş saçly eneler ulaglaryň işe girizilmegine ak pata berdiler.

Maşynlaryň gelip gowuşmagy bilen 170 sany täze iş orunlary peýda boldy.