Türkmenistanda saýlawlar güni jemgyýetçilik ulaglary ilata bökdençsiz hyzmat edýär

24-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk bilen bagly meselä garaldy.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlary tarapyndan Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitleriň we Aşgabadyň ilatyny jemgyýetçilik ulaglary bilen bökdençsiz üpjün etmek, ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmek babatda degişli çäreler görülýär.

Saýlawlar gününde saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişi sanly ulgam arkaly Merkezi saýlaw toparynyň web saýtynda göni ýaýlymda raýatlar köpçüligine görkeziler.