Türkmenistanda ulag-üstaşyr geçelgeleri boýunça ylmy işleriň halkara bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň geljegi» atly ylmy işleriň halkara bäsleşigi geçiriler. Bäsleşik Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Ylymlar akademiýasy, Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan guralýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynyň metbugat gullugy habar berýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Türkiýeden, Eýrandan we Hytaýdan 35 ýaşa çenli bolan ýaş alymlar çagyrylýar. Bäsleşige «Merkezi Aziýa — Hazar deňzi — Gara deňiz sebiti» ugry boýunça Gündogar Ýewropanyň geljegini öwrenmek, Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýolunyň galkynyşy" strategiýasy, Hytaýyň «Bir guşak — bir ýol» başlangyjy ýaly temalar boýunça bir awtor tarapynda ýazylan ylym işler kabul edilýär.

Dalaşgärler institutyň resmi web sahypasynda ýerleşdirilen hasaba alyş blankasyny doldurmaly. Bäsleşige gatnaşýanlar 2023-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli ylmy işlerini hgi.hygdek@gmail.com elektron salgysyna ibermeli.

Bäsleşigiň ýeňijileri şu ýylyň dekabr aýynyň ilkinji ongünlüginde yglan ediler. Ýeňijiler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, «Türkmenistan ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, «Türkmen Logistika» assosiasiýasynyň, Kärdeşler Arkalaşygynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň degişli diplomlary we gymmatly sowgatlary bilen sylaglanarlar.